Return to BahaiPrayers.net
Facebook
(Uly namazy haçan-da ynsan özünde isleg we pespällik halatyny duýanda, gije-gündiziň dowamynda bir gezek ýerine ýetirip biler.)
Oldur Indiriji, Keremli hem Mähriban.
Namaza duran kişi ýüzüni Kybla tarap tutup dik durka, Rahman we Jomart Allatagalanyň Merhemetine garaşýan ýaly ýagdaýda, sagyna we soluna seredip, şeýle diýsin:
Eý atlaryň Allahy we Eý asmanlaryň Halygy! Belent mertebe hem röwşen bolan pynhan Daň şapaklaryň hatyrasy üçin dilegim budur.
Seniň Jemalyň öňünde böwet bolýan tutulary ýakar ýaly meniň namazymy oda öwür. Maňa Seniň wysal deňziň ýollaryny salgy berer ýaly, ony nura öwür.
Onsoň Tebärek we Tagala Hudaýa ýalbaryp, iki elini dilege galdyrsyn hem şeýle diýsin:
Eý jahanyň Maksudy we uluslaryň Mahbuby!
Senden özge zatlardan üzülip, Saňa ýüzlenýänimi görýänsiň. Gymyldysyndan bütin barlyk hereket edýän tanabyňdan asylyşýandygymy görýänsiň.
Barhudaýa! Men Seniň bendäň we bendäň perzendi, Seniň buýrugyňy we islegiňi berjaý etmäge taýyndyryn we Seniň razylygyňdan başga arzuwym ýokdur. Öz Rähmet deňziň we Jomartlyk güneşiň hatyrasy üçin, Öz bendäňe islegiň we erkiň boýunça halanyňy buýur. Bar öwgilerden hem senalardan has päk bolan Ululygyňa ant içýärin, her näme Seniň tarapyňdan bolsa, şol meniň köňlümiň islegi we ýüregimiň mahbubydyr.
Ylahym! Ylahym! Meniň arzuwlaryma we etmişlerime seretme.
Ýeri-gögi gurşap alan Öz erkiňe seret. Seniň “Ismi-Agzamyňa“ kasam, Eý illeriň Eýesi! Seniň islegiňden başga islemedim we Seniň söýeniňden başga zady söýmedim.
Onsoň başyny seždä goýup şeýle diýsin:
Sen başganyň etjek waspyndan has Mukaddessiň we Özüňden özgäniň aňy bilen tanadylmakdan has Ulusyň.
Onsoň dik durup şeýle diýsin:
Barhudaýa! Bu namazy dirilik suwunyň çeşmesine öwür, tä Seniň Patyşalygyň berkararka, durkum ondan Ebedilik tapyp, älemleriň her bir äleminde Seniň zikriňi gaýtalap ýörer ýaly.
Onsoň ellerini dilege galdyryp şeýle diýsin:
Eý Seniň pyrkatyňda janlar, köňüller köýen! Eý Seniň yşkyň ataşynda ähli adamlar ýanan! Eý erk-ygtyýaryň Eýesi! Bütin jahany gurşap alan Adyň hatyrasy üçin Saňa ýalbarýaryn:
Ýanyňdaky zatlardan meni mahrum eýleme. Eý Taňrym! Seniň Ägirtlik çadyryň saýasynda we Rähmetiň çäginde, özüniň uly watanyna tarap howlugýany görýänsiň we Seniň mähir deňziňi küýseýän bu günäkäri görýänsiň. Seniň giňden açylan Jomartlyk saçagyňy gözleýän bu saýyly we Binyýazlyk gözýetimini isleýän bu garyby görýänsiň. Hakykatdan, buýruk Seniňdir. Işleriňde alkyşa laýykdygyň hökmirowandygyna hem näme emir etseň doly ygtyýarlydygyňa güwä geçýärin.
Onsoň ellerini dilege galdyryp, üç gezek „Allah-u’Äbha“ tekbirini aýtsyn we ondan soň Tebärek we Tagala Hudaýyň gaşynda eglip şeýle diýsin:
Eý Taňrym! Saňa bolan ybadatymyň begenjinde, Seniň ýadyň we senaň şatlygynda, nähili meniň ruhumyň, bütin bedenimiň agzalaryndan galkynýandygyny görýänsiň we Beýan Melekutyňda hem ylym Jeberutyňda, şol Seniň Emir diliň güwä geçenine, şaýatlyk edýändigimi görýänsiň.
Barhudaýa! Bu orunda meniň garypdygymy subut etdirýän we Seniň baý hem Binyýazdygyňy beýge göterýän, Öz ejizdigimi we Seniň güýçli we gudratlydygyňy maňa boýun aldyrýan, Sende bar zatlary isläsim gelýär.
Onsoň dik durup we ellerini dilege iki gezek galdyryp şeýle diýsin:
Senden özge Alla ýokdyr, Eý Sen Eziz hem Jomart. Senden özge Alla ýokdyr, Eý Sen başda, soňda Hökümdar.
Ylahym! Ylahym! Seniň Jomartlygyň meni batyr etdi we Seniň Rähmetiň maňa güýç berdi. Seniň owazyň meni oýardy we Seniň sahylygyň meni dikeldip maňa ýol salgy berdi. Ýogsa-da men kim we meniň ornum name, gorkman Seniň ýakynlyk şäheriň derwezesinde durar ýaly ýa-da Seniň erk-asmanyň parlak ýagtysyna ýüz tutar ýaly?
Barhudaýa! Seniň jomartlyk gapyňy kakýan bu misgini, hem Seniň keremli elleriňden Bakylyk çeşmesini soraýan bu panyny görýänsiň. Her halda Hökmürowan Sensiň, Eý atlaryň Soltany! Hem-de boýun bolmak we razy bolmak maňa mynasypdyr eý asmanlary Ýaradan!
Onsoň elleirni üç gezek galdyryp her gezek şeýle diýsin:
Taňry, ähli ululardan Uludyr!
Onsoň sejde edip şeýle diýsin:
Sen şeýle bir Mukaddes welin, Seniň iň ýakyn dostlaryň alkyşlary, Seniň golaýlyk asmanyňa ýetişmekden, ýa-da Saňa iň wepaly dostlaryň köňül guşlary, Seniň dergähiňe gowuşmakdan has uzakdyr. Seniň sypatlardan päk we atlardan arassadygyňa güwä geçýärin. Senden başga Beýik hem Nurana Taňry ýokdyr.
Onsoň oturyp şeýle diýsin:
Ähli zatlaryň, Arşyň we Mukaddes Jennetiň ýaşaýjylarynyň güwä geçýän bar zatlaryna, ondanam artyk, Ululyk Diliniň Äbha gözýetiminde güwa geçýän bar zatlaryna, şaýatlyk edýärin. Diňe Sensiň Alla, Senden gaýry Hudaý ýokdur. Äşgär bolan ol aýdyň barlyk, “käp“ bilen “nuny“ birikdirip “Kon” sözüni döreden, genjiň pynhan syry hem gizlin nyşanydyr. Oldur ady Agla Galamy bilen ýazylan hem-de Oldur Arş we zeminiň Eýesi bolan Taňrynyň kitaplarynda Ady tutulan.
Onsoň dik durup şeýle diýsin:
Eý barlygyň Taňrysy we Eý görünýän-görünmeýän bar zatlaryň Eýesi! Gözýaşymy hem ahymy görýänsiň. Perýadymy hem agymy we nalamy eşidýänsiň. Seniň Ululygyňa ant içýärin: Günälerim meni Seniň golaýyňdan daşlaşdyrdy we hatalarym meni Seniň päk gapyňa girmekden goýdylar.
Eý Taňrym! Seniň söýgiň maňa baýlyk berdi, hijranyň meni heläk etdi we aýralygyň ýakdy meni. Bu çölde Seniň aýak yzlaryň hatyrasy üçin we bu giňişlikde Seniň saýlanlaryň “lepbeýk – lepbeýk” diýişleriniň hatyrasy üçin hem Seniň ylhamlaryň hoş ysynyň we Seniň aýdyňlyk säheriň mylaýym şemalynyň hatyrasy üçin, Öz jemalyňy zyýarat etmegi meniň takdyrymda goý hem-de Seniň kitabyň içindäkileri doly berjaý etmegi maňa ýazgyt eýle.
Onsoň üç gezek “Allah-u’Äbha” diýip, soň eglip şeýle diýsin:
Eý meni ýaradan Alla! Alkyş Saňa! Meni Öz ýadyňa we senaňa sygyndyranyň üçin Öz Kelamyň doglan ýerini maňa tanadanyň üçin Öz Taňrylygyň gaşynda baş egdirip, Öz Hudaýlygyň öňünde uýduranyň üçin hem-de Öz ululyk diliň aýdanlaryna ykrar etdireniň üçin alkyş Saňa.
Onsoň dik durup şeýle diýsin:
Ylahym, Ylahym! Günälerimiň agramyndan bilim büküldi we gaflatym meni heläk etdi. Haçan-da öz ýaman etmişlerime we Seniň ýagşy işleriňe oýlanamda, bagrym ýanýar we damarlarymda ganym gaýnaýar.
Eý älemiň Maksudy! Jemalyňa kasam: Ýüzüm Saňa sygynmakdan we ýüzlenmekden uýalýar we ellerim Seniň keremli asmanyňa uzalmakdan utanýar.
Eý meniň Taňrym! Eý arşyň we zeminiň Hudaýy! Seni ýatlamakdan we Saňa alkyş etmekden, gözýaşlarymyň meni saklaýandygyny görýänsiň. Melekutyň nyşanlarynyň we Jeberutyň syrlarynyň hatyrasy üçin, Öz dostlaryňa Öz Sahylygyňa hem Ululygyňa laýyk garşy al! Eý äşgär hem pynhanyň Patyşasy.
Onsoň üç gezek „Allah-u’Äbha” tekbirini aýdyp, sejde edip şeýle diýsin:
Alkyş diňe saňa laýykdyr, Eý biziň Magbudymyz! Bizi Saňa ýakynlaşdyrjak zatlary we ähli kitaplaryňda hem ýazgylaryňda bolan ýagşylyklardan, bize rysgal ýetýän zatlary iberdiň. Barhudaýa! Bizi şek we şübhe goşunlaryndan goramagyňy dileýäris. Sensiň Eziz we Dana.
Onsoň oturyp şeýle diýsin:
Eý Taňrym! Seniň saýlanlaryň güwä geçenine şaýatlyk edýärin we Seniň uly arşyň daşyndan aýlanyp duran gözel Behişdiň we beýik jennetiň ýaşaýjylarynyň ykrar edýän zatlaryny ykrar edýärin. Ýeriň hem asmanyň Patyşasy diňe Sensiň, Eý älemiň Magbudy.
- Bahá'u'lláh