Return to BahaiPrayers.net
Facebook
Oldur Eziz hem Jomart.
Eý meniň Mähriban Taňrym we Eý barlyk jahanyň Soltany! Seniň günleriňde, Seniň permanyň we erkiň boýunça Oraza tutýan bendeleriňi, kenizleriňi görýänsiň. Seniň Jomartlyk gençleriňde we sahylyk hazynalaryňda pynhan edilen zatlaryňa ýetmek umydy bilen, daňdanlar turup doga we dileg edýän bendeleriňi, kenizleriňi görýänsiň.
Eý barlyklaryň bar işleri Seniň eliňde!
Eý atlaryň hem sypatlaryň Melekuty Seniň erkiňde!
Bu Seniňki bolan günlerde, bendeleriňi Öz Rähmet buludyň ýagmyrlaryndan mahrum etmersiň we olary Öz Razylyk deňziňden paýsyz goýmarsyň diýip men Saňa ýalbarýaryn.
Barhudaýa, dogrudanam bar zerreler Seniň gudratyňa, Seniň hökümdarlygyňa, Seniň ululyk hem Başarjaňlyk nyşanlaryňa güwä geçýärler.
Onda Eý älemiň Allasy we Eý ezeliň Eýesi we Eý illeriň Soltany! Seniň Buýruklaryň tanabyndan ýapyşan we Seniň Erkiň asmanyndan inen hökümleriňe baş egen bendeleriňe rehim eýle.
Barhudaýa! Seniň Enaýat iňrigiňe dikilen gözleri we Seniň Jomartlyk deňziň üçin tolgunýan ýürekleri görýänsiň. Seniň “Äbha” adyň uly ornundan ýaňlanyp duran şirin owazyňy eşidip, öz aýdymlaryny kesýän bendeleriňi görýänsiň.
Onsoň Ýa Reb! Seniň ýanyňdaky zatlara ýetmek umydy bilen öz zatlaryndan geçen dostlaryňa, bu dünýeden daşlaşyp, Seniň belent mertebe Ornuňa ýüz tutan dostlaryňa, ýoluňda köp jebri-jepa çeken dostlaryňa ýardam et.
Barhudaýa! Olary nebisden we peslikden gorap, bu dünýede we ahyrýetde, olara peýdaly boljak zatlary salgy bermegiňi senden dileg edýärin.
Eý meniň Taňrym! Seniň hazynaňda pynhan ýatan Adyň, iň uly owazlar bilen barlyk äleminde ýaşaýanlaryň baryny “Sadratul-Muntaha“ agajyna tarap çagyrýan we iň uly Orna çakylyk edýän adyň hatyrasy üçin Senden dileg budur: Bize we bendeleriňe Rähmet ýagmyryňdan iber. Goý biziň hakydamyz, özgeleriň ýadyndan tämizlensin we bizi Seniň Jomartlyk deňziň kenaryna golaýlatsyn.
Barhudaýa! Ruhlarymyz bilen Seniň “Jeberutyňda“, atlarymyz bilen Seniň “Melekutyňda“, läşlerimiz bilen Seniň goragly Gençleriňde we jisimlerimiz bilen Seniň saklanýan Hazynalaryňda, hatalardan daşda durup bilmek üçin gerekli zatlary, bize Öz Agla: Galamyň bilen ýazgyt eýle. Bolan zatlary we boljak zatlary başarýan diňe Sensiň.
Barhudaýa! Rähmet we Kerem asmanyňa göterilen arzuwly ellerimi görýänsiň. Bu elleri diňe Öz Ýalkaýyş we Jomartlyk gençleriň bilen doldurarsyň diýip isleýärin.
Eý Taňrym! Biz üçin hem biziň enelerimiz we atalarymyz üçin “Ýalkaw“ sözüni ýaz. Onsoň maksat eden zatlarymyzy, Öz Rehimdarlyk we Keramat deňziňden merhemet eýle. Onda Eý biziň Mahbubymyz! Seniň ugruňda eden işlerimizi kabul et. Dogrudanam iň Başarjaň, Belent mertebe Taýsyz, Ýeke-Täk, Bagyşlaýjy hem Mähriban Sensiň.
- Bahá'u'lláh