Return to BahaiPrayers.net
Facebook
Allanyň Jomart we Baý Ady bilen.
Zowaly bolmadyk, ezelden ebedä çenli üýtgemeýän, hem-de Özi, Öz Birligine, Taýsyzlygyna, Binyýazdygyna we Belent mertebedigine güwä geçen Taňra alkyş bolsun!
Biz hem Onuň Ýeke-Täkdigini ykrar edip, Birligini boýun alyp, Ondan özge Allanyň ýokdugyna güwä geçýäris.
Ol, belent ýerleriň iň beýik mekanynda, el ýetmeýän arşynda, başgalaryň etjek zikrinden päk we özgeleriň etjek waspyna Binyýaz hem Mukaddesdir. Taňry, bu jahanyň düzgünini goramaga erk eden wagty, Öz sahylyk we keremini illere paýlamagy islän wagty, kanunlar gurdy we röwşen ýollary äşgär eýledi.
Şol sanda hem, ynsanlara halaslyk hem asudalyk bolsun diýip, bir berk gala ýaly, öýlenmek däbini karar etdi we päk Melekutynda, “Akdas” kitabynda ýazylan bu däbini berjaý etmegi bize buýruk berdi.
Taňry Öz uly Ornundan şeýle sözledi: “Eý ynsanlar! Meniň bendelerimiň arasynda, Meni ýatlaýan perzentler sizden önsün diýip öýleniň! Bu Meniň size bolan Emrimdir. Ony özüňize ýardam ediniň”.
Gargyş edýänleriň sözleri, olary hak ýolundan saklamadyk ynsanlara, bu aýdyň diniň ösmegine hümmet edýän we “Beýan” kitabyna ynanan Bahai ynsanlara doga we salam bolsun. Alkyş bolsun älemleriň Allahyna.
(Nika hutbasy okalandan soň, Kitab-i-Akdasda ýazylşy ýaly, iň azy ruhany ýygnagynyň kabul eden iki sany şaýadyň ýanynda Gelin: “Hakykatdan barymyz Alladan razydyrys” sözlerini aýtmalydyr.)
- Bahá'u'lláh