Return to BahaiPrayers.net
Facebook
Uly Durkuňdan äşgär bolan Alkyş we Äbha, Jemalyňdan saçylýan ýalkym Seniňdir Eý Beýiklik nyşany, Bakylygyň Soltany we ýerde-gökde bolan bar zatlaryň Eýesi!
Allanyň Patyşalygy we Hökümdarlygy, Ululygy we Durkunyň ägirt beýik Orny, Seniň bilen görünendigine, takdyr asmanynda Gadymy Güneşleriň, Seniň bilen parlandygyna hem-de Seniň bilen ýaradylyş gözýetiminde Gaýyp Jemal äşgär bolandygyna şaýatlyk edýärin. Seniň Galamyň ýekeje hereketi bilen barlyk äleminiň dörändigine we Taňrynyň pynhan syry aýan bolup, dirilik dünýäsi başlap, Pygamberler iberilendigine güwä geçýärin.
Seniň Jemalyňda Magbud Jemaly aýdyň bolup, Seniň Roýuňda Maksut rugsary parlandygyna, Seniň birje sözüň bilen ýaradylanlaryň arasyna jydalyk düşüp, päkler iň belent derejä galkyp, müňkürler bolsa iň pes mertebä düşendigine şaýatlyk edýärin.
Şonuň ýaly-da Seni tanan kişi dogrudanam Allany tanandygyna we didaryňy görenler, hökmän Alla didaryna gowşandygyna güwä geçýärin.
Onda, Saňa we Seniň Kelamyňa iman getiren, Seniň Patyşalygyňa baş egen, Seniň didaryňa gowşan, Seniň razylygyňy tapan, Seniň daşyňda towaf eden we Seniň arşyňa baran kişi bagtyýardyr. Saňa sütem eden, Seni inkär eden, Seniň Kelamyňa müňkürlik eden, Seniň Emriňe garşy çykan, Seniň barlyk hakykatyň tersine göreşen, Seniň gaşyňda tekepbirlik eden, Seniň delilleriň bilen jedel eden, Seniň Hökmüňden hem Gudratyňdan daş gaçan we Seniň buýruk Barmaklaryň bilen Mukaddes Ýazgylaryňda ýazylyp kapyrlar toparyna taşlanan kişi iň betbagt adamdyr.
Eý Allanyň Jemaly! Taňry senasy we Onuň zikri, Taňry öwüşgüni hem Onuň ýalkymy Seniňdir. Dünýäniň gözi Seniň deý Mazlumy hergiz gören däldigine güwä geçýärin. Ýaşaýan Eýýamyňda belalar girdabyna düşdüň. Kä mahal gandal-zynjyrlar bilen bagly bolup, käteler ganymlaryň gylyjynyň astyndadyň. Onda-da illeri, Dana hem Hekim bolan Allanyň Saňa buýran permanlary bilen çagyrdyň.
Seniň çeken jebirleriňe meniň ruhum pida bolsun, Seniň gören görgüleriňe meniň janym gurban bolsun. Seniň ýüzüň nurundan rugsarlary röwşen bolan kişilere uýup we yhlas bilen Seniň buýruklaryňy berjaý eden kişilere uýup, sen bilen bendeleriň arasynda asylyp duran perdeleri aýyrsyn hem maňa-da bu dünýe hem ahyretiň haýyryndan rysgal ýetirsin diýip Alla tagaladan dileýärin.
Dogrudanam iň Başarjaň, Belent mertebe, Eziz, Merhemetli we Mähriban Sensiň.
Barhudaýa! Öz ýagşy Atlaryň we gözel Sypatlaryň dowamynda, bu Agaja, Onuň ýapraklaryna hem şahalaryna, köklerine hem pudaklaryna şöhrat ýolla. Onsoň olary duşmanlaryň pitnesinden, zalymlaryň goşunyndan gorap sakla. Dogrudanam iň Başarjaň we Kadyr Sensiň.
Eý Taňrym! Nesip edip Seniň ýanyňa gowşan bendeleriňe we kenizleriňe abraý hem bereket bagyş eýle. Dogrudanam iň Jomart, Dana we Uly Sensiň.
- Bahá'u'lláh