Return to BahaiPrayers.net
Facebook
Gadym we Ägirt uly bolan Allanyň Ady bilen.
Dogrudanam päk ýürekliler aýralyk odunda ýandy. Seniň didar ýalkymyň şöhle saçyşy nirede, Eý älemleriň Mahbuby?
Seniň ýaranlaryň hijran tümlügünde galdy. Seniň wysal daňyň atyşy nirede, Eý älemleriň Maksudy?
Seniň saýlanlaryň sandyraýan läşleri uzak çöllere düşdi. Seniň ýakynlyk ummanyň nirede, Eý älemleri Özüne Maýyl Edýän?
Her tarapda kapyrlar zuluma, süteme daýandylar. Seniň takdyr galamyň ýeňijiligi nirede, Eý älemleri Özüne Kaýyl Edýän?
Her ýandan itleriň sesi eşidilýär. Seniň gudrat tokaýyň arslany nirede, Eý älemlere Jeza Berýän?
Sowuklyk ähli halklary gurşap aldy. Seniň mähriň howry nirede, Eý älemleriň Ataşy?
Jebri-jepa iň soňky tapgyra ýetdi. Seniň çözgütleriň nyşany nirede, Eý älemleri Ýalkaýan?
Garaňkylyk köp halklary gurşady. Seniň ýalkymyň röwşenligi nirede, Eý älemleri Ýagtyldýan?
Eginler jydalyk we duşmanlyga tarap dikeldi. Seniň öç gylyçlaryň nirede, Eý älemleri Heläk Edýän?
Ynha peslik iň soňky derejä düşdi. Seniň hormat nyşanlaryň nirede, Eý älemleriň sylagynyň Özeni?
Gaýgý-gamlar Seniň Rahman Adyň şapagyny ýaşyrdy. Seniň Barlyk nyşanyň şadyýanlygy nirede, Eý älemleriň şatlygynyň Özeni?
Ynha gaýgy bar halklary gurşap aldy. Seniň begenç baýdaklaryň nirede, Eý älemleriň hoşlugynyň Gözbaşy?
Aýatlaryň Maşrygynyň myş-myş tutularyna giriftardygyny görýänsiň. Seniň Başarjaň barmagyň nirede, Eý älemleriň Kuwwaty?
Teşnelik ýyldyrymy, ýaradanlaryň baryny gabady. Seniň ünsüň Ýalkaýjy dury suwy nirede, Eý älemleriň Rähmeti?
Nebis halklaryň baryny gurşap aldy. Seniň takwa şapagyň nirede, Eý älemleriň Eýesi?
Ýat ülkelerde ýalňyz galan bu mazlumy görýänsiň. Seniň buýruklar asmanyň goşuny nirede, Eý älemleriň Soltany?
Ynha ýat ýurtda ýeke galdyryldym. Seniň Wepa şapaklaryň nirede, Eý älemleriň wepasynyň Özeni?
Ölüm hasraty, bar tarapy gurşap aldy. Seniň dirilik deňziň damjalary nirede, Eý älemleriň diriliginiň Gözbaşy?
Şeýtan mekirligi ähli barlygy gurşady. Seniň oduň uçgunlary nirede, Eý älemleriň Ýalkymy?
Ähli halklar nebsinden ýaňa üýtgediler. Seniň takwa şapaklaryň nirede, Eý älemleriň Maksudy?
Şam halkynyň arasynda, sütem perdesiniň arkasynda bu biçäräni görýänsiň. Seniň säher ýagtylygyň yşygy nirede, Eý älemleriň Röwşenligi?
Beýan erkinligini menden aldylar. Onda Seniň owazyň nireden ýaňlanmaly, Eý älemleriň Saýrak Guşy?
Güman we batyl hyýallar, halklaryň köpüsini tümlüge taşlady. Seniň ynam nyşanlaryň nirede, Eý älemleriň Ynanjy?
Baha: görgi deňzinde gark boldy. Seniň halas ediji gämiň nirede, Eý älemleriň Halasçysy?
Seniň Kelamyň şapagynyň dünýäniň tümlügine basylýandygyny görýänsiň. Seniň älemlere röwşenlik bagyş edýän Ýalkaýjy güneşiň nirede, Eý älemlere Nur Saçýan?
Hakykat we sapa, gaýrat hem wepa çyralary öçdi. Seniň gaýrat alamatlaryň nirede, Eý älemlere Hereket Berýän?
Seniň ugruňda göreşýän, Seniň yşkyňda başyndan geçen zatlar hakda oýlanýan bir kişini görýämiň? Bu dem galam ýazmakdan galdy, Eý älemleriň Mahbuby.
Jennet agajynyň pudaklary jebir ýellerinde döwüldi. Seniň ýardamçy tuglaryň nirede, Eý älemleriň Söýegi?
Bu Rugsar töhmet tozuna basyldy. Seniň Rähmet ýelleriň nirede, Eý älemleriň Rahmany?
Ynha, kezzaplar Mukaddeslik etegini bulady. Seniň Päkligiň bezegi nirede, Eý älemlere Zynat Beriji?
Illeriň etmişinden ýaňa, sahylyk derýasy akyşdan galdy. Seniň Jomartlyk tolkunlaryň nirede, Eý älemleriň Myrady?
Duşmanlaryň süteminden, didar dergähiniň derwezesi ýapyldy. Seniň Keremli açaryň nirede, Eý älemleriň gapylaryny Açyjy?
Agzalalyk ýellerinden bar ýapraklar soldy. Seniň Jomartlyk bulutlaryňdan ýagýan ýagmyrlaryň nirede, Eý älemleri Bagyşlaýjy?
Günä tozanyndan ýaňa dünýäni çaň basdy. Seniň günäleri bagyşlaýan ýakymly yslaryň nirede, Eý älemleri Ýakýan?
Ynha bu ýigit hasylsyz hem gurak ýurtda galdy. Seniň sahylygyň bereketli ýagmyry nirede, Eý älemleriň dadyna Ýetişýän?
“Eý Agla Galamy! Dogrudanam Seniň şirin owazyňy Bakylyk Jeberutynda eşitdim. Alla Tagalanyň dilinden inenleri diňle, Eý älemleriň Mazlumy.
Sowuklyk bolmasady, Seniň Kelamyň yssysy neneň äşgär bolardy, Eý älemleriň Saýrak Dili?
Bela bolmasady, Seniň sabyr güneşiň neneň nur saçardy, Eý älemleriň Ýalkymy?
Ýamandan ynjalyksyz bolma, sebäbi Sen sabyr hem çydam üçin ýaradyldyň, Eý älemleriň çydamynyň Özeni.
Agzalalaryň arasynda Seniň Ähdiň şapagynyň nur saçyşy ne gözel we Seniň Taňra bolan yhlasyň ne gözel, Eý älemleriň Söýgüsi.
Erkinlik tuguny iň belent daglaryň başynda dikeltdiň we hormat deňzini tolkundyrdyň, Eý älemleriň Şatlygy.
Seniň ýalňyzlygyňdan birlik güneşi dogdy we Seniň aýralygyňdan ýalňyzlyk ýurdy bezendi. Onda sabyrly bol, Eý älemleriň Garyby.
Ululyga harlyk donuny geýdirdik we Seniň Jemalyňy belalar bilen bezedik, Eý älemleriň Guwanjy.
Ýürekleriň ýigrençden dolandygyny görýänsiň. Ýöne müýnleri görmezlik Saňa laýykdyr, Eý älemleriň aýbyny Ýaşyrýan.
Haçan-da bir gylyç görünse, oňa tarap göni çap, haçan-da bir ýaýdan ok atylsa, ony garşy al, Eý älemleriň Gurbany!
Bu Senmi ahy-zar çekýän, ýa-da Meniň agymmy? Belki Seniň dostlaryň azlygyndan aglaryn, Eý älemleriň nalasyny göge Göterýän.
Bela howrundan we Seniň parlak Kelamyň ýalkymyndan, Baha: Rugsary ýagtylan wagty, dogrudanam Seniň owazyňy eşitdim, Eý Äbhanyň Mahbuby.
Ol wepadarlyk bilen, şehitlik mekanynda gurban bolmak üçin aýaga galanda, Onuň nazary Saňa tarapdy, Eý älemleriň takdyryny Belleýän”.
Onda eý Aly Ekber! Meniň mazlumlygymyň ýakymly ysyny duýdurýan we älemlere Magbut bolan Taňrynyň ugrunda başyma nämeler gelenini bildirýän bu Ýazgy üçin, Allanyň dergähine minnetdar bol. Eger-de ähli bendeler bu Ýazgyny okap, ol hakda oýlansalar, damarlar ot alyp, bütin älemleri ýakjak şöhle dörär.
- Bahá'u'lláh