Return   Facebook   Zip File

Arabic

1

Eý Ruhuň ogly!

Meniň ilkinji öwüdim şudur: arassa, mähirli we ýalkym saçýan ýüregiň eýesi bol, şonda baky, tükeniksiz patyşalygyma gowşarsyň.

2

Eý Ruhuň ogly!

Meniň iň söýýän zadym adalatlylykdyr. Maňa ymtylýan bolsaň, ondan ýüz öwürme; ynamymy gazanmak isleseň, oňa biperwaý garama; onuň ýardamynda hemme zady özgäniň gözi bilen däl-de, öz gözüň bilen görersiň, we özgäniň aňy bilen däl-de, öz akylyň bilen ýetersiň. Özüňe näme gelişýänligi barada ýüregiňe geňeş. Hakykatdan-da, adalatlylyk – Meniň peşgeşimdir, ol Meniň şepagatymdan nyşandyr, ony gözüňden salma.

3

Eý ynsan ogly!

Meniň gadymy baky syrly özen barlygymda saňa bolan söýgimi bildim, şonuň üçin Men seni ýaratdym, saňa Öz keşbimi berdim we jemalymy görkezdim.

4

Eý ynsan ogly!

Men seniň ýaradylmagyňy söýüp, seni ýaratdym. Indi Meni söý, ýagny seniň adyňy ýatlap, kalbyňy ýaşaýyş ruhy bilen doldurmagym üçin.

5

Eý barlygyň ogly!

Men seni söýer ýaly, Meni söý! Meni söýmeseň, söýgim saňa hiç wagt ýetmez. Muny bilgin, eý bendäm!

6

Eý barlygyň ogly!

Seniň jennetiň – Meniň söýgim; seniň arşdaky mesgeniň – Meniň bilen birikmekdir. Eglenmän oňa gir. Biziň iň belent patyşalygymyzda we iň beýik çägimizde saňa ýazylan takdyr şudur.

7

Eý ynsan ogly!

Meni söýseň, özüňden ýüz öwür; Meniň razylygymy isleýän bolsaň, öz peýdaňa çapmaklygy ret et, ýagny seniň Mende ölmegiň we Meniň sende baky ýaşamagym üçin.

8

Eý Ruhuň perzendi!

Özüňden el çekip, Maňa ýüz öwürmeseň, saňa rahatlyk bolmaz; çünki sen öz adyň bilen däl-de, Meniň adym bilen şöhratlanmalysyň, Sen özüňe däl-de, Maňa daýanmalysyň: sebäbi Men ähli barlyklardan ýeke-täk Özümiň söýülmegimi isleýärin.

9

Eý barlygyň ogly!

Meniň söýgim – Meniň galamdyr. Oňa giren goragly we howpsyz bolar. Ondan ýüz dönderen bolsa, hökman ýolundan azaşar we heläk bolar.

10

Eý beýan ogly!

Sen – Meniň galamsyň; oňa gir, sag-salamat bolarsyň. Meniň söýgim – sendedir; ony duý, şonda Meni öz ýanyňda görersiň.

11

Eý barlygyň ogly!

Sen Meniň çyragym, Meniň nurum sendedir. Ondan ýagtylyk al we Menden özgäni gözleme, çünki Men seni baý edip ýaratdym hem-de saňa jomartlyk bilen merhemetimi eçildim.

12

Eý barlygyň perzendi!

Men Emrimiň gollary bilen ýaratdym seni we güýjümiň elleri bilen ýasadym seni; Men öz nury-şöhlämi siňdirdim saňa! Şulara kanagat et, özgäni gözleme, çünki Meniň ellerimiň işi kämildir, gutarnyklydyr we Meniň Nesihatym hökmanydyr. Şuňa uý, hiç-hili şübhelenme.

13

Eý ruhuň ogly!

Men seni baý ýaratdym, sen näme üçin garyplyga uçraýarsyň? Asylzada edip döretdim Men seni, näme üçin Sen özüňi kemsidýärsiň? Bilim özeninden ýaratdym seni, näme üçin özgeden bilim gözleýärsiň? Söýginiň laýyndan ýasadym Men seni, näme üçin Sen özgäni küýseýärsiň? Özüňe bak, şonda Sen hut özüňde ornaşan Gudratly, Güýçli, Biribar Meni görersiň.

14

Eý ynsan ogly!

Sen meniň mülküm, Meniň mülküm bolsa bakydyr; sen näme üçin ömür gysgalygyndan gorkýarsyň? Sen Meniň nurum; Meniň nurum bolsa sönmez, sen neçün sönerin diýip heder edýärsiň? Sen Meniň şan-şöhratym, Meniň şan-şöhratym bolsa solmaz; Sen Meniň örtügim, Meniň örtügime bolsa tozma ýokdur. Maňa bolan söýgiňe sygyn, şonda sen Meniň dergähimde ýalkanarsyň.

15

Eý beýan ogly!

Ýüzüňi Meniň Didaryma öwür we Menden başga zatlardan el çek; çünki Meniň hökmirowanlygym bakydyr we soltanlygym synmazdyr. Eger sen Menden özgäni gözleseň, hatda bütin Älemi asyrlar boýy agtarsaň-da, seniň gözlegiň biderek bolar.

16

Eý nuruň ogly!

Menden özge ähli zady unut we Meniň ruhuma ýakynlaş. Bu Meniň Parzymyň özenidir, oňa sygyn.

17

Eý ynsan ogly!

Mende kanagat tap we Menden başga ýardam berijini gözleme. Menden başga hiç kim hiç wagt saňa hemaýat bermez.

18

Eý ruhuň ogly!

Biziň saňa islemedik zadymyzy Menden dileme. Ýazgydyňa şükür eýle. Kanagatlanmak - seniň bagtyýarlygyňdyr.

19

Eý gudratly garaýşyň ogullary!

Meni söýer ýaly, saňa Öz ruhumdan dem berdim. Neçün Meni taşlap, Menden özge aşygy gözleýärsiň?

20

Eý ruhuň ogly!

Saňa bolan hakym – beýik we unudylmaz, Saňa merhemetim – ummasyz we aýdyň, Sende ornaşan söýgimi ýaşyryp bolmaz, Meniň Nurum saňa äşgär edildi we ony örtüp bolmaz.

21

Eý adam ogly!

Seniň üçin aýdyňlar-aýdyňy Daragtyndan gözelden-gözel miweleri ýazgyt etdim. Neçün olardan döndüň-de, özge birine baglandyň? Indi belentden belent Gözýetimde seniň üçin has gowy bolana dolan.

22

Eý Ruhuň ogly!

Men seni asylzada edip ýaratdym, sen özüňi peseltdiň. Ýaradylan kaddyňa beýgel.

23

Eý beýikligiň ogly!

Men seni bakylyga çagyrýaryn, sen bolsa geldi-geçerlige ymtylýarsyň. Neçün söýenimizden ýüz dönderip, söýmedigimize ýüz tutdyň?

24

Eý ynsan ogly!

Hetdiňden aşma, özüňe ýaraşmaýan zada dalaşma. Gudrat we güýç Eýesi bolan Rebbiňe sežde et.

25

Eý Ruhuň ogly!

Bir özüňe, bir-de mätäje bakyp eselme, çünki Men ony öz ýolumdan alyp barýaryn we seni azaşan ýagdaýda görüp, ýazgararyn.

26

Eý barlygyň ogly!

Näme üçin öz aýyplaryňy unudyp, özgeleriň aýyplary barada aladalanýarsyň? Şeýle edene, nälet bolsun!

27

Eý ynsan ogly!

Özüň günälikäň, başgalaryň günäsini agzama. Bu Parzymy bozanlar, rehmetimdem mahrumdyr, Men muňa güwä geçýärin.

28

Eý Ruhuň ogly!

Şübhesiz, bil: başgalara adalat buýrup, özi dürli pislik edýän kişi, Meniň adymy göterýän-de bolsa, Menden däldir.

29

Eý barlygyň ogly!

Özüň üçin islemedik zadyňy, özgä ýöňkeme. Etmejek zadyňy - aýtma. Bu Meniň saňa Nesihatymdyr; ony ýerine ýetir.

30

Eý ynsan ogly!

Meniň bendäm senden bir zat dilese – ret etme; çünki onuň ýüzi – Meniň Didarymdyr. Menden utan.

31

Eý barlygyň ogly!

Soraga çekilmezden öňinçä, her gün özüňe hasabat ber. Çünki ölüm duýdansyz geler we eden işleriň hasaby Senden soralar.

32

Eý Beýikligiň ogly!

Ölümi seniň üçin şatlykly buşluk etdim. Neçün gussa batýarsyň? Nurumy saňa ýagdyrdym, neçün ondan gizlenýärsiň?

33

Eý Ruhuň ogly!

Seni nuruň buşlygy bilen söýünjileýärin – oňa şatlan. Seni mukaddeslik dergähime çagyrýaryn – oňa sygyn. Ýagny, tükeniksiz bir rehmete gowşarsyň.

34

Eý ruhuň ogly!

Mukaddeslik ruhy seni jan ýoldaşlygy bilen buşlaýar, neçün gynanýarsyň? Emir ruhy seni Onuň Hökmünde berkidýär, neçün perdelenýärsiň? Onuň Didarynyň nury saňa ýol görkezýär, neçün sen dogry ýoldan azaşýarsyň?

35

Eý ynsan ogly!

Hiç bir zada gynanma – diňe bizden daş bolanyňa puşman et. Hiç bir zada begenme – diňe Bize ýakynlaşanyňa we gaýdyp geleniňe şatlan.

36

Eý ynsan ogly!

Köňlüňi hoş tut, ýagny Meniň bilen duşuşmaga mynasyp bolarsyň we Gözelligimi şöhlelendirersiň.

37

Eý ynsan ogly!

Gözel lybaslarymy egniňden çykarma. Dirilik çeşmämden paýsyz galma, ýogsa ömür-baky teşne galarsyň.

38

Eý barlygyň ogly!

Maňa bolan söýgiň hatyrasy üçin kanunlarymda ýaşa; merhemetimiň hatyrasyna nebis-islegleriňden el çek.

39

Eý ynsan ogly!

Jemalymyň hatyrasy üçin nesihatlaryma biperwaý garama; merhemetimiň hatyrasy üçin öwütlerimi unutma.

40

Eý ynsan ogly!

Bütin Äleme aýlansaň-da, asman giňişliklerini sökseň-de, Emrimize boýun bolýançaň we Didarymyza baş egýänçäň, rahatlyk tapmarsyň.

41

Eý ynsan ogly!

Emrimi beýgelt; ýagny belentlik syrlarymy örten perdäni saňa açaýyn we ebedilik nury bilen üstüňe ýalkym saçaýyn.

42

Eý ynsan ogly!

Meniň Emrime boýun bol, şonda Men saňa merhemet ederin; Meniň Işimiň ýeňişi üçin aýaga gal; şonda sen heniz bu dünýädekäň ýeňiji bolarsyň.

43

Eý barlygyň ogly!

Men seni öz Asmanymda ýatlar ýaly, sen Meni Ýerimde ýatla; şonda, hem Meniň gözlerim, hem seniň gözleriň ynjalar.

44

Eý arşyň ogly!

Gulagyň – gulagymdyr; onuň bilen eşit. Gözüň – gözümdir; onuň bilen gör, Şonda Meniň mukaddes şan-şöhratlygym barada seniň kalbyň töründe güwälik dörär, Men bolsa öz huzurymda Seniň belent ýazgydyň barada şaýatlyk ederin.

45

Eý barlygyň ogly!

Meniň emrime şükür edip we Hökmüme razy bolup, Meniň ýolumda şehitligi gözle, şonda Meniň beýikligimiň we şöhratymyň gümmeziniň astynda rahatlyk taparsyň.

46

Eý ynsan ogly!

Oýlan: Öz düşegiňde ölesiň gelýärmi, ýa-da Meniň ýolumda toprak üstüne ganyňy döküp, şehit bolup, belent jennetimde Meniň Erkimiň nyşany we Nurumyň anyk beýany bolasyň gelýärmi? Adalatly çöz, eý bendäm!

47

Eý ynsan ogly!

Gözelligimden ant bolsun! Seniň saçlaryň gana boýalmagy – Meniň öňümde älemiň ýaradylyşyndan we iki jahanyň ýagtysyndan-da beýikdir. Şoňa ymtyl, eý bendäm!

48

Eý ynsan ogly!

Her zadyň öz alamaty bar. Söýginiň alamaty – hökmümde sabyrlylyk we synaglaryma döz gelmekdir.

49

Eý ynsan ogly!

Gozgalaňçynyň - bagyşlama, günäkäriň - merhemet isleýşi ýaly, çyn aşyk-da synagy arzuwlaýar.

50

Eý ynsan ogly!

Ýolumda synaglara duçar bolmasaň, Meniň Erkime boýun bolanlaryň ýoluna nädip düşjek? Meniň bilen ýüzbe-ýüz bolmak islegi bilen kynçylyklary başdan geçirmeseň, Gözelligime bolan söýgiň nuruna nädip ýete bilersiň?

51

Eý ynsan ogly!

Howp-hatarlarym – Keramatymdyr. Daşyndan ýakyp-ýandyrýan ot bolsa-da, yşyk we rehmetdir. Her zatdan öň oňa ýetmäge çalyş, ýagny baky bir nur we ölmez-ýitmez ruh bolarsyň. Bu Meniň Parzymdyr, ony berjaý et!

52

Eý ynsan ogly!

Eşret gelende – begenme, ýaman günüňde – gynanma, çünki ikisi-de geldi-geçer zatlardyr.

53

Eý barlygyň ogly!

Garyp düşseň - gynanma; çünki döwlet guşy başyňa gonjak güni geler. Ezileniňde - gorkma; bir gün at-abraýa gowuşarsyň.

54

Eý barlygyň ogly!

Bu baky we ebedi şalygy hem-de gadymy we müdimi ýaşaýşy isleýän bolsaň, pany we geçiji soltanlygy terk et.

55

Eý barlygyň ogly!

Bu pany dünýä özüňi aldyrma, çünki Biz altyny ot bilen, ynsanlary bolsa altyn bilen synaýarys.

56

Eý ynsan ogly!

Sen altyn isleýärsiň, Men bolsa, seniň ondan azat bolmagyňy isleýärin. Sen öz baýlygyňy ondan gözleýärsin; Men bolsa baýlygyňy ondan arassalanmakda gördüm. Ömrümdem ant bolsun! Bu meniň ylymym, ol bolsa – seniň hyýalyň. Meniň ýolum seniň ýoluň bilen nädip gabat gelsin?

57

Eý ynsan ogly!

Ýerimde malymy pukaralara paýla, ýagny gögümde üstüňe tükenmez mertebe hazynalary we öçmejek ýagtylyk şöhleleri saçylar. Ýöne Ömrümdem ant bolsun! Meniň gözüm bilen garasaň, ruhuň pidasyndan gözel zat ýokdur.

58

Eý ynsan ogly!

Barlyk ybadathanasy – Meniň tagtymdyr. Onuň üstüne geçip ornaşmagym üçin, ony ähli zatdan tämizle.

59

Eý barlygyň ogly!

Seniň kalbyň – Meniň mesgenimdir; oňa gelip ornaşmagym üçin, arassalan. Nazar salýan ýerim – ruhuňdyr, oňa görünmegim üçin, tämizlen.

60

Eý ynsan ogly!

Eliňi goltugyma sal, ýagny seniň başyňda ýagty saçyp lowurdaýyn.

61

Eý ynsan ogly!

Arşyma gal, şonda baky bütewiligiň şatlygyna eýe bolarsyň hem-de baky şan-şöhratyň deňi-taýsyz şerbetinden ganarsyň.

62

Eý ynsan ogly!

Ömrüň akyp dur, sen bolsa salgyma çapmalara we boş arzuwlara meşgul. Indi haçana çenli öz düşegiňde ýatjak? Ukudan başyňy galdyr; Gün eýýäm al-asmanda. Belki-de, onuň gözelliginiň nurlary saňa ýalkym saçar.

63

Eý ynsan ogly!

Tur dagyň depesinden saňa nur saçyldy we ylym ruhy seniň kalbyňa öwüsdi. Boş hyýallaryň perdelerinden saplan we Meniň mesgenime gel, ýagny baky durmuşa we Meniň bilen duşuşmaga mynasyp bolarsyň. Şonda ne ajal, ne bitaplyk, ne gussa seniň ýanyňa geler.

64

Eý ynsan ogly!

Bakylyk – Meniň ýaradanym; ony seniň üçin ýaratdym. Ony öz ybadathanaň örtügine öwür. Bütewilik – Menden gaýdýar; Ony seniň üçin niýetledim; sen oňa bezen, şonda sen Meniň baky durmuşymyň hemişelik äşgär edijisi bolarsyň.

65

Eý ynsan ogly!

Beýikligim – saňa peşgeşimdir, Ajaýyplygym – saňa rehmetimdir. Maňa ýaraşýany hiç kim aňlamaz we hiç bir kalp düşündirip bilmez. Hakykatdan, ony özümiň syr hazynalarymda we Emrimiň goraghanasynda Öz bendelerime bolan söýgim we halkyma bolan rehmetim üçin gorap sakladym.

66

Eý göze görünmeýän ylahy özeniň balalary!

Size Meni söýmäge päsgel bererler we kalplar Meniň adym agzalanda bikarar bolarlar. Çünki aňlar maňa ýetip bilmeýärler, ýürekler meni sygdyrmaýarlar.

67

Eý gözelligiň ogly!

Ruhumdam we Enaýatymdam, Rehmetimdem we Jemalymdan ant bolsun! Gudrat dili bilen indirip, kuwwat galamy bilen ýazanlarymyň ählisi - seniň düşünjäň göwrümine we ölçegiňe laýykdyr, Meniň derejäme we Arş owazyma görä däldir.

68

Eý ynsan balalary!

Bilýärsiňizmi, sizi näme üçin bir gumdan ýaratdyk? Hiç kimiň özüni beýlekilerden beýik saýmazlygy üçin. Her dem ýaradylyşyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň. Biz siziň baryňyzy bir özenden ýaradandygymyz üçin, siz-de bir jan ýaly bolmalysyňyz, hemmaňiz deň ädim ätmeli, bir agyzdan iýmeli, bir watanda ýaşamaly, ýagny bütin durkuňyz, ähli işiňiz bilen siz ruhy birligi we el çekmekligiň esasyny görkezmelisiňiz. Eý nur jemagaty! Size öwüdim şudur. Bu öwüdimi pent edinen, şan-şöhratyň täsin daragtynyň mukaddes miwelerine eýe bolar.

69

Eý ruhuň ogly!

Siz Meniň hazynam, çünki Men syrlarymyň hünjilerini we bilimimiň göwherlerini sizde ornaşdyrdym. Olary bendelerimiň arasyndaky kesekilerden we halkymyň arasyndaky näletkerdelerden goraň!

70

Eý tutuş erki we durky bilen öz mülkünde duran kişiniň perzendi!

Bil, Men saňa mukaddesligiň ähli hoşboý yslary bilen dem saldym, saňa Öz Sözümi doly açdym, seniň üstüň bilen Öz eşretimi eçildim, Özüm üçin hoş görenimi – seniň üçin hoş gördüm. Meniň keremimden razy bol, minnetdar bol.

71

Eý ynsan ogly!

Saňa gönderen ähli zatlarymy nuruň syýasy bilen öz ruhuň teswirine ýaz. Bu goluňdan gelmese, ýürek özeniňden syýa ýasa. Bu hem goluňdan gelmese, ýolumda dökülen gyzyl syýa bilen ýaz. Hakykatdan, bu Meniň üçin ähli zatdan gymmatlydyr, çünki onuň ýagtysy asyrlar boýy öçmez.

Persian

1

Eý düşünýänler we eşidýänler!

Aşygyň ilkinji çakylygy şudur: eý pynhan pikiriniň bilbili! Ruhuň bägülli bagyndan başga ýeri küýseme. Eý Süleýmanyň söýgüsiniň wekili! Söýgüliň soltanlygy bolan Saba ýurdundan özge öýi gözleme. Eý ölmez-ýitmez Semender guşy! Wepalylyk depesinden özge ýerde mesgen tutma. Eger-de ruhuň ganatlarynda tükeniksizligiň patyşaly-gyna aralaşyp, öz maksadyňa ýetjek bolsaň, ine, seniň hakyky mesgeniň şudur.

2

Eý Ruhuň ogly!

Guşuň gözi - höwürtgesinde, bilbiliň höwesi - bägüliň jemalynda, ynsan ýürekleriniň guşlary bolsa, pany dünýäden lezzet alyp, öz baky höwürtgelerinden daşlaşdylar we harsallyk batgasyna nazar salyp, Taňrynyň şöhratyndan jyda düşdüler. Gör, nähili geň hem gynançly! Bir owurt suw diýip, olar Taňrynyň tolkun atýan deňizlerinden geçdiler we nurana gözýetimden uzakda galdylar.

3

Eý dost!

Kalbyň bagynda diňe söýgi bägüllerini ek hem-de ysnyşygyň we arzuwyň bilbilini eliňden gidirme. Päk adamlaryň dostlugynyň gadyryny bil we näletkerdelerden gaça dur.

4

Eý adalatyň ogly!

Haýsy aşyk öz magşugynyň mesgeninden çetleşer, haýsy gözleýji öz Intizaryndan daşlaşyp, rahatlyk tapar? Hak aşyk üçin birikmek - ýaşaýyşdyr, aýralyk – ölümdir. Onuň kalbynda sabyrsyzlyk möwç urýar, ýüregi takat tapanok. Söýgülisiniň mekanyna ýetmek üçin, ýüz-müň gezek janyny pida etmäge taýýar.

5

Eý çaň-tozanyň ogly!

Hakykatdan aýdýaryn! Kim jedel-dawa edýän bolsa, hem özüni doganyndan ýokary saýsa, ol iň bir azaşan adamdyr. Aýt, eý doganlarym! Sözleriňiz däl-de, işleriňiz siziň bezegiňiz bolsun!

6

Eý zeminiň ogly!

Hakyklatdan-da bilip goý, kimiň ýüreginde ýekeje zerre bahyllyk bar bolsa, hiç wagt Meniň ölmez-ýitmez Häkimligime ýetmez we Meniň mukaddes Melekutymdan hoşboý yslary almaz.

7

Eý yşgyň ogly!

Şöhratly dag belentliklerine we söýginiň asman daragtyna ýetmek üçin saňa ekeje ädim ýetenok. Şol ädimiňi ät, ikinji ädimde bolsa ölmez-ýitmezligiň mesgenine gir we bakylyk çadyrynda orun tut. Mukaddeslik galamyndan inen söze diň sal.

8

Eý şöhratyň ogly!

Mukaddeslik ýolunda çalasyn bol we söhbetdeşlik arşyna gal. Kalbyňy ruhuň güýji bilen päkle we Perwerdigäriň dergähine howluk.

9

Eý geldi-geçerligiň kölegesi!

Kalbyňy gümana büreme we ynamlylygyň mukaddes arşyna gal. Hakykatyň gözlerini aç, şonda gözelligiň şuglasyny görüp, ýüzlenersiň: “Deňi-taýsyz Ýaradana – Allaha şükür!”.

10

Eý nebsiň ogly!

Şuňa diň sal: Pany göz – baky Gözelligi tanamaz, öli ýürek diňe solan gülden teselli tapar. Çünki, her kim özüne meňzeşi gözlär we özüne kybapdaşy görende, şatlanar.

11

Eý, çaň-tozanyň ogly!

Kör bol, Meniň Gözelligimi görer ýaly! Ker bol, datly hoş owazymy eşider ýaly! Öz alymlygyňdan azat bol, Meniň bilimime eýerer ýaly! Baýlykdan el çek, Meniň baky baýlyk ummanymdan hemişelik paýyňy alar ýaly. Şeýlelikde, Meniň Gözelligimden özge zady görmez ýaly, kör bol! Meniň sözümden özgesini eşitmez ýaly, ker bol! Meniň bilimime eýerer ýaly, öz alymlygyňdan azat bol! Şonda sen aýdyň nazaryň, päkize ýüregiň we arassa eşidişiň bilen meniň keramatly huzyrymda orun tutarsyň.

12

Eý goşa garaýşyň eýesi!

Bir gözüňi açyp, beýlekiňi ýap! Bu dünýä we onuň ähli zadyna gözüňi ýumup, Aşygyň mukaddes jemalyny gör.

13

Eý Meniň perzentlerim!

Arş kepderisiniň guguldysyny eşitmän, çaň-tozanyň dünýäsinde gaýym bolarsyňyz diýip heder edýärin, şeýdibem, bägüliň gözelligini görmän, zemin goýnuna dolanarsyňyz diýip gorkýaryn.

14

Eý dostlar!

Panyň gözelligi üçin baky gözellikden geçmäň, bu toprak dünýäsine göwün baglamaň.

15

Eý Ruhuň perzendi!

Wagt geler, bir gün mukaddesligiň bilbili pynhan syrlary mälim entmegini bes eder we siziň hemmäňiz Arş mukamyndan hem-de ýokardan gelýän owazdan jyda düşersiňiz.

16

Eý biperwaýlygyň özeni!

Arman, ýüz müň pynhan sedalar bir dilde saýrasa-da, ýüz müň gizlin manylar bir owazda ýaňlansa-da, eşidere gulak ýok, duýara - ýürek.

17

Eý ýaranlar!

Çäksizligiň derwezesi açyk we Aşygyň mesgeni söýýänleriň gany bilen bezelipdir, emma diňe käbirlerini hasap etmeseň, hemmeler bu Arş şährinden binesip bolupdyrlar; Şol galan käbirleriniň içinde-de päk ýürekli, mukaddes ruhly juda az.

18

Eý ajaýyp jennetiň ýaşaýjylary!

Ynanýanlara habar ediň! Mukaddesligiň çäginde, jennet bagynyň golaýynda täze bossan döredi. Oňa ebedi erenler we jennet ýaşaýjylary ýygnandylar. Ine, şu ýokary derejä ýetmäge jan ediň, şonda bu bossandaky bägülleriň söýgi syrlaryny açarsyňyz we onuň müdimi miwelerinden ajaýyp paýhasyň kämilligini dadarsyňyz. Ol ýere aman-esen, ynamly girenleriň gözleri nurlanar.

19

Eý dostlarym!

Arşyň jennetinde ösýän Durmuş Daragtynyň aşagynda, şu ajaýyp mukaddes ýerde, Meniň Didarymyň öňünde ýygnanan wagtyňyzdaky şol hakykat, nurana säheri ýadyňyzdan çykardyňyzmy? Şonda Meniň size aýdan gudratly üç kelam sözümi siz tolgunmak bilen diňläpdiňiz: “Eý dostlar! Öz erkiňizi Meniň Erkimden ileri tutmaň; Meniň size islemedik zadymy arzuw etmäň; pany dünýäniň isleg-arzuwlary bilen hapalanan, oli ýürekleriňiz bilen Maňa golaýlaşmaň. Öz kalbyňyzy päkleseňiz, şonda şol ýer we şol ýagdaý siziň ýadyňyza düşer we Meniň beýanymyň hakykaty siziň her biriňize aýan bolar.

Jennetiň bäşinji Ýazgysynyň sekizinji mukaddes setirinde Ol şeýle diýýär:

20

Eý Siz, gaflat düşeginde öli kimin ýatanlar!

Asyrlar geçýär, siziň gymmatly ömürleriňiz ahyrlaýar. Emma sizden ýekeje-de päk dem Biziň mukaddes mesgenimize ýetmedi. Azaşmaklygyň ummanyna çümseňiz-de, diliňizde Ýeke-täk Hak Alla uýan bolýarsyňyz, Meniň halamaýanymy söýdüňiz we Meniň duşmanymy özüňize dost tutundyňyz, şonda-da, siz Meniň Zeminimde aladasyz we ulumsylyk bilen gezip ýörsüňiz, ýöne Meniň ýerim Sizden bizar we hemme zatlarym sizi ret edýär. Eger gözüňizi açsaňyz, ýüz müň gussany bu şatlykdan has ýakymly we ölümi bu hili ýaşaýyşdan has ýagşy görerdiňiz.

21

Eý hereketli çaň!

Men seniň bilen ysnyşmak isleýärin, sen bolsa Maňa ynanmaýarsyň. Seniň kalbyňdaky pitne gylyjy seniň ynam daragtyňy çapyp taşlady. Hemme ýagdaýda Men seniň ýanyňda, sen bolsa hemişe Menden daşda. Men tükeniksiz şan-şöhraty saňa eçildim, sen bolsa çensiz-çaksyz kemsidilmäni saýlap aldyň. Heniz giç däl: şu mümkinçiligi elden gidirme, dolan.

22

Eý nebsiň ogly!

Alymlar we danalar köp ýyllap Şan-Şöhratlynyň Dergähine ýetmäge jan etdiler, emma gowuşmadylar. Olar ömürboýy Ony gözläp gezdiler, emma Onuň jemalyny görüp bilmediler. Sen bolsa, azapsyz Oňa ýetdiň, gözlemesiz Ony tapdyň. Şonda-da, sen nebsiň perdesine şeýle bir orandyň welin, Aşygyň jemalyny görüp bilmediň we Söýgüliniň eteginden tutup bilmediň. Gözi barlar, görüň we geň galyň!

23

Eý söýgi şähriniň ýaşaýjylary!

Ajal ýelleri baky çyra howp salýar we Arş ýigidiniň gözelligi ala-garaňkylygyň dumanyna duwlandy. Söýginiň Häkimi – zulum eýeleriniň elinde jebir çekýär, Arş kepderisi bolsa baýguşuň penjesinde urunýar. Şan-şöhratyň Çadyrynyň ýaşaýjylary we beýik erenler zaryn aglaýarlar. Siz bolsa doly rahatlykda gaflat topragynda düşläp, özüňizi hakyky dostlardan saýýarsyňyz. Görüň, siziň hyýallaryňyzy şöhratparazlyk eýeläpdir!

24

Eý dana hasaplanýan nadanlar!

Näme üçin çopan sypatyna girip, aslynda sürime daraşan gurt bolduňyz? Siz uzakdan lowurdap görünýän säher ýyldyzyna çalym edýärsiňiz, emma hakykatda bolsa, Meniň şährime gelýän kerweni azaşdyryp, heläkçilige uçradýarsyňyz.

25

Eý daşy jäjekler, içi möjekler!

Siz dury, emma ajy suwa çalym edýärsiňiz: daşyndan göräýmäge şeýle arassa suw, ýöne Ylahy Synagçy onuň ýekeje damjasyny-da ulanmaz. Hawa, Günüň şöhlesi tozana-da, aýna-da deň düşýär, ýöne gör nähili, onuň yza serpikmesinde ýer bilen gök ýaly tapawut bar.

26

Eý dilden dostum!

Biraz pikir et! Dostuň we duşmanyň bir ýürekde ýaşanyny eşidipmidiň? Dostuňa ondan ýer berjek bolsaň, duşmanyňy çykar.

27

Eý çaň-tozanyň ogly!

Ynsan kalbyndan başga, gökdäki we zemindäki ähli zatlary Men seniň üçin ýaratdym. Ýüregiňi bolsa Özümiň Gözelligimiň we Şan-şöhratymyň mekanyna öwürdim. Sen bolsa ony Maňa däl-de, özgä berdiň, şeýdip her gezek Meniň mukaddes jemalym öz jaýyna baranda, ol ýerde kesekä duşup, öýsüz-öwzarsyz ýene öz Aşygynyň ýanyna howlukdy. Şeýle bolsa-da, Men seniň harlanmagyňy islemän, seniň syryňy gizlin sakladym.

28

Eý nebsiň özeni!

Men, gör, näçe gezek säher wagty özümiň çäksiz-çaksyz Mülklümden seniň mekanyňa gelipdim, sen bolsa bikär ýatyrsyň, özüňem Maňa däl-de özgelere köňül beripsiň. Şonda ruhany ýyldyrymy dek Men öz Şan-şöhratly dünýäme gaýdyp gelipdim we muny Özümiň mukaddes leşgerime äşgär etmändim.

29

Eý jomartlyk ogly!

Ýokluk çöllerindediň, seni emir topragynyň mededi bilen mülk äleminde äşgär etdim; we älemdäki ähli zerrelere we hakykatlara saňa terbiýe bermegi tabşyrdym. Bilseň, ene göwresinden dünýä inmänkäň, saňa iki sany ýagty süýt çeşmesini niýetledim, göz berdim, seni gorasyn diýip, ýürek berdim, söýsün diýip. Men seni öz merhemetimiň saýasynda päkize eşret bilen terbiýeledim, Özümiň rehim-şepagatym bilen seni goradym. Bularyň hemmesini seniň baky mülküme ýetmegiň üçin we Meniň gizlin peşgeşime mynasyp bolmagyň üçin etdim. Sen bolsa gapyl galdyň, kämillige ýeten badyňa gadyr bilmän, Meniň saňa eçilen baýlyklarymy äsgermezlik etdiň we bikär hyýallara gümra bolduň, şeýdip, Meni düýbünden unutdyň, Dostuň gapysyndan ýüz öwrüp, duşman öýünde orun tutduň.

30

Eý bu dünýäniň guly!

Ençeme säherler Meniň Enaýatymyň şemaly seniň üstüňden öwüsdi we seni agyr ukuda biperwaýlykda gördi; seniň bu ýagdaýyňa gözýaş döküp, yzyma dolandym.

31

Eý zeminiň ogly!

Eger sen Meni isleýän bolsaň, özgäni küýseme. Eger Meniň Jemalymy isleseň, dünýäniň ähli zadyna gözüňi ýum. Çünki, Meniň Eradam özgeleriň erki bilen, misli suw bilen ot ýaly, bir ýürekde mesgen tutmaz.

32

Eý penalanýan nätanyş!

Seniň ýüregiň çyrasy Meniň golumyň kuwwaty bilen ýanýar, ony ýaramaz hyjuwlaryň ýelleri bilen öçürme. Seniň ähli dertleriň melhemi – Meni ýatlamakdadyr, ony unutma. Söýgimi özüňe hazyna edin, ony görejiň, janyň kimin eziz gör.

33

Eý meniň doganym!

Meniň şirin dilimden näzenin sözlerimi diňle we Meniň datly lebimden akýan mukaddes syrlarymyň şerbetini iç. Meniň ajaýyp paýhasymyň tohumyny öz päkize ýüregiňde ek, ony ynam suwy bilen suwar; Goý, hoşboý ysly bilim we paýhas güllerim Seniň mukaddes kalbyň töründe gögerip, güllesin.

34

Eý Meniň jennetimiň ýaşaýjylary!

Özümiň keremli ellerim bilen siziň söýgi we dostluk nahallaryňyzy ekdim we Özümiň mahir ýagmyrym bilen ony suwardym; indi miwe bermegiň wagty gelende, ony goramaga çalşyň, pes islegleriň we nebsiň alawyna ýanaýmasyn.

35

Eý dostlarym!

Ýalňyşlyk çyrasyny öçüriň we ýürekleriňizde ylahy şamçyragyny ýakyň. Çünki, indiden beýläk adam synagçylary Aşygyň keramatly huzurynda diňe päk ahlaklylygy we mukaddes arassa işleri kabul ederler.

36

Eý çaň-tozanyň ogly!

Pähimdarlar, diňleýji bolmasa, agyz ýarmaýarlar; saky, teşneler gelmese, pyýalany doldurmaýar, edil şonuň ýaly, aşyk öz magşugynyň jemalyny görýänçä, kalby alawlamaýar. Öz ýüregiňde pähim-paýhasyň, bilimiň tohumyny ek we gorap sakla, ajaýyp paýhasyň hoşboý ysly gülleri hapa ýerde we laýda däl-de, ýüreklerde gögersin.

Ýazgynyň başlangyç setirinde beýan edilen we Allanyň ybadathanasynda ýaşyrylan:

37

Eý bendäm!

Synmaz mülkümi geldi-geçerlige çalyşma, Arş patyşalygyny pany dünýä üçin ýitirme. Rahmanyň galam çeşmesinden akan dirilik köwseri şudur. Ondan içen ýalkanar.

38

Eý ruhuň ogly!

Kapasyňy döw we söýgiň Semender guşy kimin mukaddeslik Arşyna aralaş. Özüňden el çek we rehimlik ruhy bilen Rebbiň mukaddes giňişliginde rahatlyk tap.

39

Eý külüň ýaradany!

Bu günki rahatlygyňa kanagat etme; şonda bakylygyň ümsümliginden galmarsyň. Ebedi şatlygyň bossanyny, panyň külli ojagyna çalyşma. Öz zyndanyňdan halas bolup, Arşyň ýaýlasyna çyk. Ajal gözeneginden çykyp, jennetiň bagynda mesgen tut.

40

Eý bendäm!

Bu dünýäniň gandalyndan azat bol, nebis zyndanyndan ruhuňy halas et. Bu mümkinçilikden peýdalan, çünki ol soňra gaýdyp gelmez.

41

Eý Meniň kenizimiň perzendi!

Eger-de bakylyk patyşalygyny görsediň, onda bu pany dünýäniň ähli zadyndan geçerdiň. Seniň üçin bularyň biriniň pynhanlygynda we beýlekisiniň aýanlygynda syr bardyr. Ony diňe päk ýürekliler aňlar.

42

Eý bendäm!

Köňlüňi gahar-gazapdan päkle we bahylçylykdan halas bolup, Taňrynyň dergähine tarap ýola düş.

43

Eý dostlarym!

Dostuň merhemetli Emir ýoluna eýeriň we biliň: Onuň şatlygy - bendeleriniň şatlygyndadyr. Goý, hiç-kim öz golaýynyň jaýyna, ondan razylyk bolmasa, girmesin, onuň baýlygyna el degirmesin, öz islegini onuň isleginden ileri tutmasyn, şeýle hem hiç wagt özüni

Ondan ýokary saýmasyn. Şu babatda pikir ediň, eý, düşbüler!

44

Eý Meniň tagtyma golaýdakylar!

Ýamanlygy eşitme we ýamanlygy görme, özüňi peseltme we harlap, zeýrenme. Ýaman söz diýme, ony eşitmez ýaly; iliň aýbyny ulaltma, öz aýbyň agralmaz ýaly; hiç-kimiň harlanmagyny isleme, öz harlygyň ýüze çykmaz ýaly. Şonda, göz açyp ýumasy salymdan-da az saýylýan ömrüňi asuda akyl, arassa ýürek bilen, kalbyňy päk, niýetiňi gowy tutup ýaşarsyň we pany dünýäniň örtügini rahatlyk we şatlyk bilen taşlap, jennetiň pynhan goýnuna dolanarsyň, ölmez-ýitmez patyşalykda asyrlar boýy mesgen tutarsyň.

45

Haýp size, eý nebis höwesleriniň aşyklary!

Ruhany magşukdan ýyldyrym dek ötüp, şeýtany arzuwlara melul bolduňyz. Bikär hyýallara baş egip, ony hakykat hasaplaýarsyňyz. Tikenlige seredip, oňa çemenlik diýýärsiňiz. Sizden ne bir arassa dem gelýär, ne-de ýürek gülzarlygyndan ynam şemaly öwüsýär. Siz öz Aşygyňyzyň nesihatyny ýüregiňiziň töründe ýerleşdirmän, ýele sowurdyňyz we haýwanlar ýaly nebis we peslik çemenzarynda eşret sürýärsiňiz.

46

Eý Ýoluma uýýanlar!

Näme üçin, siz, öz Aşygyňyzy ýatlamakdan ýüz öwrüp, Onuň Mukaddes dergähinden daşda durýarsyňyz? Gözelligiň özeni Şan-şöhratyň tagtynda, deňi-taýsyz çadyryň astynda orun tutdy, siz bolsa öz bikär hyjuwlaryňyza boýun bolup, dawa-jenjel bilen meşgullanýarsyňyz. Mukaddes ýakymly yslar ýaýraýar we eşret-sapanyň mylaýym şemaly öwüsýär, siz bolsa agyr derde uçrap, ondan mahrum bolupsyňyz. Arman size we siziň ýoluňyza eýerýänlere!

47

Eý nebsiň perzentleri!

Şöhratparazlyk eşigini çykaryň we gedemlik lybasyny teniňizden aýyryň.

Gizlin bir galam bilen lagyl Ýazgysynda ýazylan mukaddes setirleriň üçünjisinde şu sözler bar:

48

Eý doganlar!

Bir-biriňiz bilen ylalaşykda ýaşaň we pany dünýäniň zatlaryna gyzmaň.

Hormatyňyza buýsanmaň we kemsidilmeden utanmaň. Jemalymdam ant bolsun! Men her-bir zady çaň-tozandan ýaratdym we çaň-tozana gaýtararyn.

49

Eý çaň-tozanyň perzentleri!

Baýlara pukaranyň ýarygijedäki nalasyndan habar beriň, goý, olaryň biperwaýlygy heläkçilige eltmesin we olar bolçulyk Daragtynyň miwesinden kesilmesinler. Haýyr iş we jomartlyk Maňa mahsusdyr; Meniň haýyr işlerim bilen bezenýänler ýalkanýandyr!

50

Eý nebsiň özeni!

Nebisjeňlikden el çek we şükür-kanagata ymtyl, çünki, betnebis hemişe bigadyr, kanagatly – mydama hormatlanýar, söýülýär.

51

Eý Meniň kenizimiň ogly!

Mätäçlikde gynanma, baýlyga-da buýsanma, çünki, garyplykdan soň baýlyk, baýlykdan soň garyplyk gelýär. Ýöne Alladan başga zatlara garyp bolmak iň ajaýyp nygmatdyr; onuň gymmatyny peseltme, çünki Ol iň soňunda seni baý eder, şonda saňa şu sözleriň manysy açylar: “Siz, hakykatdan-da, garyp”, we “Taňry ähli zada Erk Edijidir”. Bu sözleriň manysy söýýän ýüreklerde nurana säher ýaly lowurdar we bolçulygyň tagtyna göteriler, Onuň saýasynda mekan tutar.

52

Eý biperwaýlygyň we nebsiň perzentleri!

Siz Meniň öýüme duşman getirip, dostumy kowduňyz, sebäbi ýürek söýgiňizi Maňa däl-de, özgä bagyş etdiňiz. Dostuň sözüne gulak asyň we jennete rowana boluň. Bu dýnýäniň adamlary bir-birlerini şahsy bähbitleri üçin söýýärler, emma Hakyky Dost bolsa siziň özüňizi çyndan söýýär; Ol size ýol görkezmek üçin tükeniksiz jebir-jepalara duçar boldy. Şeýle Dostdan dänmäň, ýok – gayta ýanyna howlugyň. Bu – hakyky sözüň we wepalylygyň Güni ähli Atlaryň Hudaýynyň gözýetiminde dogdy. Kynçylyklardan halas edýän Biribar Taňrynyň kelamyny eşitmek üçin gulaklaryňyzy açyň.

53

Eý siz, geldi-geçer baýlyga baýrynýanlar!

Hakykatdan-da, biliň, baýlyk – gözleýji bilen onuň Intizarynyň, aşyk bilen magşugyň arasyndaky iň ulu päsgelçilikdir. Diňe käbirleri bolaýmasa, baýlar Aşygyň mesgenine ýetip bilmezler, rahatlyk we kaýyllyk şährine gowuşmazlar. Kimiň baýlygy bakylyk dünýäsine girmäge päsgel bermeýän bolsa we Taňrynyň ölmez-ýitmez mülkünden sowmaýan bolsa, beýle baý bende ýalkansyn! Beýik Adymdan ant bolsun! Ýagny, ol baýyň ýalkymy, günüň ýerdaki ýaşaýjylara ýagty saçyşy ýaly, Arş ýaşaýjylaryna ýalkym salar.

54

Eý zeminiň baýlary!

Men size araňyzda ýaşaýan garyplary tabşyrdym: olary goraň we diňe öz bähbitleriňiz bilen meşgul bolmaň.

55

Eý nebsiň ogly!

Pany dünýäden dänmek çeşmesinden baky ýaşaýşyň şerbetini datmak üçin, baýlygyň hapasyndan saplan we asudalyk bilen garyplyk asmanlaryna aralaş.

56

Eý Meniň perzendim!

Näkes bilen gatnaşmak gussany artdyrýar, dindar bilen gatnaşyk bolsa köňül posuny açar. Her kim Hudaý bilen ysnyşmak islese, Onuň dostlary bilen ysnyşsyn; we her-kes Hudaýyň sözüni diňlemek islese, Onuň saýlanlarynyň sözüni diňlesin.

57

Eý çaň-tozanyň ogly!

Seresap bol! Näkes bilen ülpet bolma we ysnyşyk gözleme. Çünki bu ýagdaý kalbyňdaky şöhläni dowzah oduna öwürýär.

58

Eý Meniň kenizimiň ogly!

Eger sen mukaddes Ruhuň eşretini isleýän bolsaň, onda takwa dindar bilen gatnaş, çünki ol ölmez-ýitmez sakynyň elinden baky ýaşaýşyň pyýalasyny içendir we aýdyň daň kimin ölüleriň kalbyny direldýär we nurlandyrýar.

59

Eý bikärler!

Ýürekleriň syrlary gizlin galýandyr diýip pikir etmäň, ýok, şübhesiz, olar aýdyň harplar bilen ýazylandyr we Allatagalanyň öňünde aç-açan mälimdir.

60

Eý dostlar!

Hakykatdan aýdýaryn! Kalbyňyzda gizlän zatlaryňyzyň bary Bize gündizlik ýaly açyk-aýdyňdyr. Emma onuň gizlin galmasy siziň hyzmatyňyz däl-de, Biziň sahylygymyz we merhemetimiz sebäplidir.

61

Eý ynsan ogly!

Men özümiň egsilmez ummanymdan zeminiň adamlaryna bir damja berdim, ýöne oňa bakan ýekeje-de ýüregi tapmadym, çünki her kim Pazyl Gögüniň bütewilik şerbetinden ýüz öwrup, zir-zibiliň çökündisine ýykgyn etdi. Ajal jamyny eý görüp, baky Gözelligiň pyýalasyny kabul etmedi. Olaryň kanagat etdikleri, gör, neneň pis!

62

Eý çaň-tozanyň ogly!

Baky Aşygyň deňi-taýsyz şerbetinden gözleriňi aýyrma, zir-zibiliň çökündisine nazar salma. Ylahy sakynyň elinden baky ýaşaýşyň pyýalasyny kabul et, şonda uly paýhasyň eýesi bolarsyň we göze görünmeýän patyşalygyň syrly sedasyny eşidersiň. Ahmyr çekiň, eý siz, pany dünýä ymtylýanlar! Näme üçin siz geldi-geçer suw üçin, Meniň mukaddesligimiň baky şerbetinden ýüz öwürdiňiz?

63

Eý zeminiň halklary!

Hakykatdan-da biliň! Size duýdansyz bela-beterlik we aýylganç jeza garaşýar. Eden işleriňiz Meniň nazarymdan sypandyr öýdüp pikir etmäň. Jemalymdan ant bolsun! Siziň ähli eden işleriňizi Meniň galamym aýdyň harplar bilen Zeberjet daşynda ýazandyr.

64

Eý ýer-ýüzüniň zalymlary!

Zulumdan el çekiň, çünki Men hiç kimiň adalatsyzlygyny geçmerin diýip, ant içendirin. Bu – Meniň Wesýetim, Men ony aýap saklanýan Teswirimde ömür-baky jar etdim we Şan-şöhratymyň möhri bilen berkitdim.

65

Eý pitneçiler!

Meniň geçirimliligimden siz yzgytsyz bolduňyz. Sabyr-takatlygym bolsa sizi şeýle bir gam-gussasyz eýläpdir welin, Siz hyjuwlaryň otly bedewleriniň jylawlaryny goýberip, howply ýoldan heläkçilige barýarsyňyz. Göýä, siz Meni geleňsiz we bihabardyr öýdýänsiňiz.

66

Eý öz ýurduny terk edenler!

Diliň wezipesi – Meni ýatlamakdyr. Ony paýyş sözler bilen hapalamaň. Eger sizi nebis alawy gurşap alsa, Meniň ýaradanlarymyň däl-de, öz günäleriňizi ýada salyň, çünki, siziň her biriňiz özüňizi beýlekilerden gowy tanaýansyňyz.

67

Eý hyýal ogullary!

Biliň, haçan-da baky mukaddesligiň gözýetiminde säheriň nury lowurdanda, garaňkyda dörän şeýtan işleri we pirimleri dünýä halklaryna aýan bolar.

68

Eý topragyň haşaly!

Näme üçin sen hapa elleriňi öz geýimleriňe degireňok, emma nebis isleglere eýlenen ýüregiň bilen Maňa golaýlaşmak isleýärsiň we Meniň Mukaddes mesgenime ýol gözleýärsiň? Haýp, sen öz isleýän zatlaryňdan, gör, nähili daşda!

69

Eý Adam atanyň nesilleri!

Mukaddes sözler we Hudaýa ýaraýan päk işler – Taňrynyň Şan-şöhratly Arşyna galýarlar. Jan ediň, şonda Siziň işleriňiz nebislik we galplyk tozanyndan arassalanarwe Allatagalanyň Dergähinde orun tapar. Çünki mundan bu ýana Taňrynyň barlygynda adamzady synaý-jylar diňe päk bendeleri we arassa mukaddes işleri kabul ederler. Bu – Taňrynyň Sedasy bilen nurlanan pynhan manylar we paýhasyň güneşi. Arşa sygynýan bende haýyr tapsyn!

70

Eý keýpi-sapanyň ogly!

Pany dünýä ajaýypdyr, eger oňa ýetip bilseň. Bakylygyň dünýäsi täsindir, eger pany dünýäden belende galsaň; Mukaddes serhoşlygy datlydyr, eger Arş Ýigidiniň elinden syrly pyýalany içseň. Şu derejä ýeten wagtyň, ajaldan we heläkçilikden, beladan we günäden halas bolarsyň.

71

Eý Meniň dostlarym!

Mukaddes Zaman atly ýerde, Paran dagynda Meniň bilen wadalaşan Ähtiňizi ýatlaň. Men beýik erenleri we baky şaheriň ýaşaýjylaryny şaýat tutundym, emma bu Ähte wepaly ýekeje-de ýürek tapmadym. Şübhesiz, gedemlik we boýun bolmazlyk ony siziň ýürekleriňizden, hat-da yz galdyrman gysyp çykarypdyr. Men muny bilsem-de, çydam edip garaşdym, äşgär etmedim.

72

Eý Meniň bendäm!

Sen gara gynda ýatan, gadyr-gymmaty ussadan-da gizlin bolan, nepislik bilen taplanan gylyja meňzeýärsiň. Nebsiň we höwesiň gynyndan çyk, şonda bütin dünýäň ýüzünde mertebäň artar.

73

Eý Meniň dostum!

Sen – Meniň Mukaddes Asmanymyň Güneşisiň, bu pany dünýäniň hapaçylygy seniň şöhläňi tutmasyn. Biperwaýlyk perdäni syr, şonda bulutdan lowurdap çykyp, ähli zatlary durmuşyň lybasyna bezärsiň.

74

Eý şöhratparazlygyň perzentleri!

Birsalymlyk häkimligiň hatyrasyna, Meniň baky Mülkümden el çekip, pany dünýäniň dürli reňkli geýimlerine bezenişip,baýrynýarsyňyz. Gözelligimden ant bolsuň! Men siziň baryňyzy çaň-tozanyň bir reňkli çadyrynyň astyna ýygnaryn, şonda siziň ähli reňkiňiz solar, kim meniň reňkimi saýlan bolsa, ol ähli reňklerden azat bolup, solmaz.

75

Eý biperwaýlygyň perzentleri!

Pany patyşalygyna köňül baglamaň, oňa şatlanmaň. Siz şahadaky şadyýanja ýaýnaýan, aladasyz guşa meňzeýärsiňiz, birdenkä-de ajal awçysy ony gaýdyryp goýberip, jesede öwürýär, ne onuň owazyndan, ne keşbinden, ne-de reňkinden nyşan galýar. Seresap boluň, eý hyjuwlaryň gullary!

76

Eý Meniň kenizimiň ogly!

Ýolgörkezme asyrlar boýy söz bilendi, indi bolsa iş bilen edilmeli. Her kim päkize we mukaddes işleri görkezmelidir, çünki sözi hemmeler oňarar, emma päkize we mukaddes işler diňe Biziň dostlarymyza mahsusdyr. Şeýlelikde, bütin durkuňyz bilen iş etmekde beýlekilerden saýlanmaga çalşyň. Päk we röwşen ýazgyda, size şeýle nesihat edýäris.

77

Eý adalatyň ogly!

Baky Gözelligiň Äşgär Edileni, wepalylygyň zümerret depesinden ýol görkeziji Daragtyň ýanyna ýarygijeler dolanyp geldi. Ol şeýle bir zarynlady, hat-da beýik erenler we Arşyň ýaşaýjylary-da Onuň bilen bile gussa batdylar. Soňra Onuň näme üçin zarynlaýandygyny soradylar. Ol şeýle jogap berdi: Emre boýun bolup, Men wepalylyk depesinde garaşdym, ýöne ýer ýaşaýjylarynyň wepalylygynyň ýekeje-de hoşboý ysyny almadym. Soňra yzyma gaýtmaly wagtym, mukaddeslik kepderisiniň birnäçesiniň ýer köpekleriniň penjesinde parçalanýandygyny gördüm. Şol wagt öz gizlin mesgeninden ýüzi perdesiz, nurana Taňry Perisi bu ýere tizden-tiz ýetip geldi we olaryň atlaryny sorady, şonda birinden başga, ählisiniň ady aýdyldy. Talap edilensoň onuň-da adynyň birinji harpy aýdyldy, şol bada Arşyň ýaşaýjylary öz Şan-şöhratly mesgenlerinden okdurylyp çykdylar. Ikinji harp agzalanda, olar çaň-tozana ýüzin ýykyldylar. Şol wagt Arşyň mukaddesliginden bir owaz indi: Mundan artyk rugsat ýok! Biz, hakykatdan-da, olaryň owalky-häzirki etmişlerine şaýatdyrys!

78

Eý Meniň kenizimiň ogly!

Keremliniň ajaýyp syrlarynyň suwuny iç we Alla galamyndan dogan paýhas Gününiň aýdyň şöhlesini gör! Ýüregiň päkize topragyna Meniň mukaddes paýhasymyň tohumlaryny ek we olary ynamlyk suwy bilen suwar. Goý olar, seniň kalbyň mukaddes şährinde bilimiň we paýhasyň hoşboý ysly ösümlikleri bolup gögersin hem-de güllesin.

79

Eý nebsiň ogly!

Haçana çenli sen nebsiň dünýäsinde uçup ýörjek? Men saňa şeýtan pirimlerine däl-de, mukaddes gerşleriň pynhanlygyna aralaşsyn diýip, ganat berdim. Men saňa Meniň damagymy syhamak üçin däl-de, gara zülpümi darasyn diýip, darak berdim.

80

Eý Meniň bendelerim!

Siz Meniň bagymyň daragtlary; siz özüňizem, beýlekilerem peýdalanar ýaly, haýyrly we ajaýyp miweleri getirmelisiňiz. Şonuň üçinem, siziň her biriňiz bir hünäri ýa-da bir işi saýlap almalysyňyz: abadançylygyň syry şundadyr, eý düşbüler! Hakykatdan-da, işiň soňy serişdä baglydyr we Allanyň rehmeti Size bolçulyk berer. Miwesiz daragtlar hemişe oda ýanar.

81

Eý Meniň bendäm!

Adamlaryň iň pesi – ýer ýüzünde dereksiz ýaşaýanlardyr. Hakykatdan, olar öli hasaplanýarlar; ýok, ölüler hem Taňrynyň öňünde beýle bikärlerden we peýdasyzlardan beýikdir.

82

Eý Meniň bendäm!

Adamlaryň iň ýagşysy, öz senedi bilen gazanyp, ähli Älemleriň Taňrysy - Beýik Alla bolan söýgüsiniň hatyrasyna, gazanjyny özüne we golaýlaryna sarp edýanlerdir.

Beýan perdesiniň aňyrsynda gizlenen pynhan we täsin Gelinlik, Allanyň mahir we enaýaty bilen, Aşygyň jemalyndan saçylan ýagtylyk kimin orta çykdy. Eý, dostlar! Merhemetiň gutarnyklydygyna, deliliň getirilen-digine, subutnamalaryň görkezilendigine we şaýatlygyň anyklanandygyna Men güwä geçýärin. Siziň el çekmekligiň ýolundaky tagallalaryňyzyň netijeleri aýan bolsun. Siziň özüňize, Arşdakylaryň we ýerdäkileriň barçasyna Taňry merhemet etdi. Älemleriň Rebbine alkyşlar bolsun!

Bahá'u'lláh

Windows / Mac